teşnelik

teşnelik
1) Suw içesi gelmeklik, suwsuzluk.
∙ Adam teşneligi, agyryny ýatdan çykardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
∙ Tomsuna hem gyşyna, ýazyna hem güýzüne goýun sürüleri bu ýere gelip, özleriniň teşneligini gandyrar eken. («Ýaş Kommunist» gazeti)
2) Göçme manyda Höweslilik, isleglilik, meýillilik.
∙ Kitaphanadaky bar kitaplary Ibn-Sina teşnelik bilen okaýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem teşnelik - teşneligi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужна курсовая?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»